DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Seýrek duş gelýän ösümlik hakda bilesiňiz gelýärmi?

 Amorfofallus janly tebigatyň täsin ösümlikleriniň biridir. Oňa, esasan, Sumatra adalarynda we Indoneziýada duş gelmek mümkindir.

 Ylmy dilde «Amorphophallus titanum» diýlip atlandyrylýan bu ösümligiň ýapraklarynyň uzynlygy 3 metre, äpet gülleriniň uzynlygy 1,9 metre, agramy bolsa 20 — 30 kilograma ýetýär. Ösümligiň güli owadan bolsa-da, onuň ýakymsyz ysy bardyr.

 Muňa garamazdan, onuň miwesi milli tagamlary taýýarlamakda giňden ulanylýar. Amorfofallus Gyzyl kitaba girizilen ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşleriniň biri bolup, kanun tarapyndan goralyp saklanylýar.