Russiýanyň Uzak Gündogarynda we Hytaýyň demirgazyk-gündogarynda ýaşaýan amur gaplaňlary dünýäde seýrek duş gelýän ýyrtyjy haýwanlaryň biridir. Pişikler maşgalasynyň iň uly görnüşi bolan bu gaplaňlar tebigatyň sowuk şertlerine çydamlydyrlar.
Olaryň sanynyň azalmagy tokaýlaryň çapylmagy, beýleki ýyrtyjylaryň köpelmegi we ýollaryň çekilmegi ýaly ýagdaýlar bilen baglydyr.
Amur gaplaňlarynyň agramy 180-den 300 kilograma, bedeniniň ululygy 270 santimetre, guýrugy 2 metre çenli bolup bilýär.
Olar günüň dowamynda 10 kilograma çenli et iýýärler. Ýurtda bu seýrek duşýan haýwanlary goramak we köpeltmek boýunça ýörite maksatnama hereket edýär.

