BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ylmy taslama işleriniň bäsleşigi geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Altyn nesil» medeniýet merkezinde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýaş alymlaryň ylmy gadamlary» diýen at bilen ylmy-taslama işleriniň sergi-bäsleşigi  geçirildi, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Ýokary okuw mekdebinde ylmy gözleglere höwesli talyp ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guralan bäsleşige  zehinli  talyplaryň 100-den gowragy gatnaşdy. Eminler tarapyndan Köýtendagyň haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamak, türkmen halk ertekileriniň üsti bilen çagalara daşary ýurt dillerini öwretmegiň usullary, bilim ulgamyna kompýuter tehnologiýalaryny, täze tilsimatlary ornaşdyrmak ýaly mowzuklarda ýazylan ylmy-taslama işleriniň aýratyn ähmiýete eýedigi nygtalyp geçildi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyndaky dermanlyk ösümlikleriň keselleriň öňüni almakdaky we bejermekdäki ähmiýeti  bilen baglanyşykly ýazylan ylmy-taslama işleri gowularyň hatarynda bellenildi.

Bäsleşikde ýokary netijeleri görkezen talyplaryň 10-syna sylaglar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: