Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi. Onuň işine baýry ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, käbir döwletleriň ýurtdaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Iki tapgyrdan ybarat bolan maslahatyň birinji tapgyrynda institutyň rektory, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi, Beýik Britaniýanyň ýurtdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri we beýleki myhmanlar çykyş edip, howanyň üýtgemeginiň daşky gurşawyň durnuklylygyna we biodürlülige edýän täsirine ünsi çekdiler.
Maslahatyň ikinji tapgyry öz işini ýöriteleşdirilen toparlaryň dördüsinde alyp bardy. Olara BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň hünärmenleri, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrýan ýaş ilçiler we institutyň professor-mugallymlary gatnaşdylar. Bu işçi toparlar durnukly ösüş maksatlaryndan ugur alyp, ýerli we sebit derejesindäki teklipleriň birnäçesini taýýarladylar.
Ýaşlaryň beren tekliplerine BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça ýol kartasyna goşmak üçin degerli teklipler hökmünde baha berildi.