BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI türkmen dili we edebiýaty boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirýär

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurduň
 orta mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň arasynda türkmen dili we edebiýaty
dersi boýunça olimpiada geçirýär. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar
berildi.

Bellenilişi ýaly, bäsleşik «Türkmenistanda umumy bilim maksatnamalary
boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli
konsepsiýasyny» we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek,
okuwçylara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bilim ulgamyna
innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzyň  orta mekdeplerinde
okuwçylaryň arasynda türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça has zehinli
ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.
Bäsleşige ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 7-12-nji synp
okuwçylary gatnaşyp bilýär. Iki tapgyrdan ybarat boljak bäsleşigiň birinji
tapgyry 7 ― 8-nji noýabr günlerinde geçirildi. Onda üstünlikli çykyş eden
mekdep okuwçylary 19 ― 20-nji noýabr günlerinde geçiriljek jemleýji bäsleşige
gatnaşar.