Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI talyplaryň arasynda Internet olimpiadasyny geçirdi
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurduň
ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda türkmen dili dersi boýunça
Internet olimpiadasyny geçirdi.
Oňa ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden zehinli ýaşlaryň 70-e golaýy gatnaşdy. Eminler 80 we ondan kän utuk toplap bilen gatnaşyjylara birinji orny mynasyp gördüler.
Şeýlelikde, talyplaryň altysy bu ornuň eýesi boldy. Olaryň ikisi ― Hoşgeldi
Paýzyýew bilen Aýbölek Arazgeldiýewa Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň, ýene ikisi ― Gülşirin Soltanowa bilen Aýşirin Işanowa
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna we
Aýna Nesipgulyýewa bilen Ogulgerek Nurmedowa Döwletmämmet Azady
adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna wekilçilik edýär.