Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň täze binalar toplumynda nemes tehnoogiýalary ornaşdyrylar
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri ýakynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda saparda bolup, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze tehniki okuw esbaplary we barlamhana enjamlary bilen tanyşdylar.
Has takygy, institutyň wekilleri Germaniýanyň dünýä belli «Phywe», G.U.N.T, «Gerätebau GmbH», we «LD Didaktik» kompaniýalaryna baryp gördüler. Bu ýerde olara kompaniýalaryň taryhy we önümçilikdäki täzelikler barada gürrüň berdiler. Nemes kompaniýalary geljekde bolsa Türkmenistandaky ýokary okuw mekdepleri üçin onlaýn maslahatlary we çykyşlary guramaga taýýar.
Türkmen tarapy, öz gezeginde, ýurtda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, şol sanda, olaryň aýdyň miweleri barada gürrüň berdiler. Bilim we tehnologiýa taýdan ösen döwlet bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ikitaraplaýyn ösüşiň has pajarlamagyny üpjün eder.
Ýeri gelende aýtsak, bu sapar institutyň täze binalar toplumynyň gurluşygyny alyp barýan «Nahal» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guraldy. Çünki baýry ýokary okuw mekdebimiziň döwrebap binalar toplumynda Germaniýanyň dünýä belli kompaniýalarynda öndürilen tehnologik gurluşlar ornaşdyrylar. Bilim işgärleriniň şol gurluşlarda işlemekde kämilleşmegi olaryň ýokary derejedäki taýýarlygyny üpjün eder.