BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyplary kitap okamak bäsleşiginde üçünji orna mynasyp boldular

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplar topary Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan geçirilen «Kitap ― bilimiň çeşmesi» atly bäsleşiginde üçünji orna mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýty habar berýär.
Bäsleşige ýurduň 15 ýokary okuw mekdebiniň talyplar toparlary gatnaşdy. Her topar dört agzadan ybarat boldy.
Şeýlelikde, birinji ora Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
talyplar topary mynasyp boldy. Guramaçy tarapdan we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden gatnaşan toparlar ikinji orny eýelediler.
Türkmenabat şäherindäki baýry ýokary okuw mekdebiniň topary üçünji orny
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutlarynyň talyplar toparlary bilen paýlaşdylar. Bäsleşiginiň  ýeňijilerine institut tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: