Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyplary Arkadag şäherine bagyşlanan taslama bäsleşiginde üçünji orny eýelediler
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň taýýarlan taslama işleri Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna bagyşlanan bäsleşikde üçünji orna mynasyp boldy.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yglan edilen bäsleşik Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutlary tarapyndan geçirildi.
Bäsleşigiň çäklerinde eminler Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň, hususan-da, onuň medeni-dynç alyş toplumynyň gurluşygy üçin programmalaşdyrmak we inženerçilik ulgamyndaky teklip-taslamalara garadylar hem-de olara baha berdiler. Bäsleşik: «Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň medeni-dynç alyş toplumynyň gurluşygy üçin teklipler» diýlip atlandyryldy.
Talyplaryň tekliplerine baha berlende, pikirleriň ýerlikliligi, özboluşlylygy, täzeligi we kreatiwligi, olaryň amaly ähmiýeti we toparlaýyn işiň netijeliligi göz öňünde tutuldy.
Eminler institutyň talyplary tarapyndan taýýarlan taslam işine hem ýokary baha berdiler. Bu bäsleşik talyplaryň şeýle taslamalar babatynda pikir alyşmagy we tejribe paýlaşmagy üçin oňat mümkinçilik boldy.