Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň resmi web saýty işläp başlady
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň resmi web saýty işläp başlady. Ol «Baş sahypadan», «Täzelikler», «Fakultetler», «Ylym», «Dalaşgärler üçin», «Biz barada» we «Habarlaşmak» sahypalardan ybarat.
www.tdmugi.edu.tm salgysynda ýerleşýän resmi saýtyň «Baş sahypasyny» institutyň resmi nyşany we surat galareýasy bezeýär. Şeýle hem bu ýerde beýleki sahypalaryň gysgaça görnüşleri ýerleşdirilipdir. «Baş sahypanyň» aşaky bölümleriniň birinde institut barada umumy maglumatlar bar. Bu maglumatlarda onuň fakultetleriniň, hünärleriniň, mugallymlarynyň we talyplarynyň umumy sany görkezilýär.
«Täzelikler» sahypasy «Täzelikler» we «Sport» bölümlerine bölünýär. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu bölümleriň ilkinjisinde institutyň gündelik durmuşy, mugallymlardyr talyplaryň gazanýan üstünlikleri bilen bagly täzelikler ýerleşdirilýär. Talyplaryň geçen okuw ýylynda ders bäsleşiklerinde we iňlis dilinde düzme ýazmak boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan üstünlikleri bölümiň ilkinji ýetiren täzelikleri bolar. Mundan beýläk guwandyryjy täzelikleriň üstüni ýygy-ýygydan ýetirip durmak meýilleşdirilýär.
«Sport» bölüminde bolsa institutda bilim alýan türgenleriň milli we halkara ýaryşlardaky üstünlikleri barada habar berilýär. Ýeri gelende, şu okuw ýylynyň başynda bu baýry ýokary okuw mekdebinde bedenterbiýe hünäriniň açylandygyny ýatladýarys. Bu bolsa öňümizdäki okuw ýyllarynda ezber türgenleriň ýene-de birnäçesiniň bu ýere hünär almaga gelmegine ýol açar.
Resmi saýtyň «Fakultetler» sahypasynda olaryň her biri barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilipdir. Häzir bu baýry ýokary okuw mekdebinde fakultetleriň bäşisi hereket edýär. Olar tebigat bilimleri we matematika, ynsanperwer-durmuş bilimleri, türkmen dili we edebiýaty, daşary ýurt dilleri we edebiýaty hem-de hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetleridir. Bu fakultetlerde talyplara 15 ugur boýunça bilim we hünär berilýär. Olaryň ählisi barada degişli bölümlerden giňişleýin maglumat alyp bolýar.
Resmi web saýtyň «Ylym» sahypasy hem bölümleriň bäşisine aýrylypdyr. Olarda institutda hereket edýän ýaş alymlar geňeşi, mugallymlardyr talyplaryň ýazan ylmy makalalary, ylmy ugurlar we hünärler, aspirantura bölümi we ylmy üstünlikler öz beýanyny tapýar. «Ylym» ― web saýtyň iň gyzykly sahypalarynyň biri bolmak bilen, ol saýtdan peýdalanyjylary bu ýokary okuw mekdebiniň ylym çuňluklaryna alyp gider.
Resmi web saýtdaky sahypalaryň ýene biri «Dalaşgärler üçin» diýlip atlandyrylýar. Sahypada geljekde bu ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak isleýän ýaşlara