BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-ni 470-e ýakyn talyp tamamlady

Şu ýyl Seýitnazar Seýid adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny talyplary 468-si tamamlady. Olar Türkmenistanyň bilim edaralaryna işe ýollanma aldylar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI Türkmensitanyhň baýry ýokary okuw jaýlarynyň biri bolup, bu ýerde bilim ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlar. Häzir onda bäş fakultetde on alty hünärden bilim berilýär. Tamamlanan okuw ýylynda institutda 3933 talyp okady. Olara mugallymlaryň 200-den gowragy dürli ugurlardan bilim berdi.

Institutynyň «Altyn nesil» medeniýet merkezinde bolan gutardyş dabarasynda uçurymlara gowy arzuwlary aýtdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: