BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI mugallymlary işe kabul etmek boýunça bäsleşik yglan edýär

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2025-2026-njy okuw ýylynyň iknji ýarymýyllygy üçin pedagogik işgärleri işe kabul etmek boýunça bäsleşik yglan etdi. Bäsleşigiň çäklerinde iňlis dili (3 orun), rus dili (2 orun), nemes dili (1 orun), himiýa (1 orun) we başlangyç bilim ýa-da mekdebe çenli bilim ugry boýunça pedagogika (1 orun) mugallymlaryny işe almak meýilleşdirilýär. Arzalary kabul etmek işi 2025-nji ýylyň 1-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwaryna çenli dowam edip, bäsleşigiň özi 2026-njy ýylyň 28 — 30-njy ýanwary aralygynda geçiriler.
Bäsleşige gatnaşjak dalaşgärlere birnäçe hünär talaplary bildirilýär: olar hünärmen ýa-da magistr derejeli ýokary bilime eýe bolmaly, okuwy gowy bahalar bilen tamamlamaly we mugallymçylyk ugrunda 3 ýyldan az bolmadyk iş tejribesine eýe bolmaly. Arza tabşyrmak isleýän hünärmenler rektoryň adyna ýazylan arza bilen birlikde, diplomlarynyň nusgalaryny, zähmet depderçesini, häsiýetnamasyny we beýleki degişli resminamalaryny institutynyň Şabende köçesiniň 7-nji jaýynda ýerleşýän salgysyna hödürlemelidirler.