BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI mekdep okuwçylarynyň arasynda geçiren bäsleşigini jemledi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 7 ― 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça internet olimpiadasy geçirildi.
Bäsleşigiň eminleriniň gelen netijelerine laýyklykda, 7-nji synp okuwçylaryň
arasynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Suraý Röwşenowa birinji orny eýeledi. Şunda türkmenabatly zehinli  okuwçynyň iň ýokary utugy (88,75 utuk) toplandygyny aýtmak gerek. 10-njy synp okuwçylaryň arasynda bolsa Kerki etrabyndaky 37-nji orta mekdepden Güljan Atamyradowa (82,5 utuk) taý tapylmady. 11-nji synp okuwçylaryň arasynda birinji ornuň iki eýesi hem lebaply okuwçylar boldy. Has takygy, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepden Nabat Janmyradowa 99, welaýat merkezindäki 11-nji orta
mekdepden Çeper Nurýagdyýewa bolsa 94 utuk bilen birinji orny eýelediler.
12-nji synp okuwçylaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-
njy orta mekdepden Bägül Joraýewa (91,25 utuk), Dänew etrabyndaky 14-nji
orta mekdepden Madina Sünnetyllaýewa (85 utuk) dagy birinji ornuň eýesi
boldular.
Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşige ýurdumyzyň ähli sebitlerinden mekdep
okuwçylarynyň ýüzlerçesi gatnaşdy. Gatnaşyjylaryň köpdügi göz öňünde tutulyp, bäsleşik saýlama we esasy tapgyrlarda geçirildi. Ýeňijilere Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: