Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI işe çagyrýar
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty aşakdaky hünärler boýunça 2024 ― 2025-nji okuw ýyly üçin dürli ugurlar boýunça mugallymlary işe kabul edýär. Bu barada institut resmi saýtynda bildiriş berdi.
Gerekli ugurlara gerekli mugallymlaryň sanawy hem şol bildirişde görkezilýär.
Dalaşgärler işe bäsleşik arkaly kabul ediler. Bäsleşik Türkmenabat şäheriniň Şabende köçesiniň 7-nji jaýynda, institutyň öz binasynda geçiriler.
Dalaşgärlerden arzalar 1-nji awgustdan 20-nji awgusta çenli aralykda kabul edilýär. Bäsleşik 21-nji awgustdan 28-nji awgusta çenli aralykda geçirilýär.