JEMGYÝET

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI indi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk instituty öňümizde duran okuw ýylyndan başlap, diňe bir Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynda doglan ýaşlary däl, eýsem, ýurduň Ahal we Balkan welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde doglan we ýaşaýan ýaşlara hem mugallymçylyk boýunça bilimk berip başlar.

Bu barada 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň «Türkmenistan» gazetinde çap edilen Tertibinde habar berilýär.

Dalaşgärlerden resmi kagyzlar ýurduň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kabul eder. Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden bolan dalaşgärler resminamalaryny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda tabşyryp bilerler. Resminamalary kabul edişlik 15-nji iýulda başlanyp, 28-nji iýulda tamamlanar. 31-nji iýuldan 17-nji awgusta çenli aralykda bolsa giriş synaglary geçiriler. Ähli welaýatlardan bolan dalaşgärler giriş synaglary üçin Türkmenabat şäherine gelmeli bolar.