BILIM, YLYM WE TEHNIKA

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de onlaýn ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi

22-nji oktýabrynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň gurnamagynda “Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň taryhy:
edebiýat, taryh, çeşmeşynaslyk” atly onlaýn ylmy-döredijilik maslahaty
geçirildi.
Maslahata ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat
we milli golýazmalar institutynyň hem-de Türkmenistanyň  Ylymlar
akademiýasynyň Taryh  we  arheologiýa  institutynyň  alymlary gatnaşdylar.
Umumy mejlisde we bölümçeleriň 3-sinde ylmy dokladlaryň 180-den gowragy diňlenildi. Ylmy dokladlar maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.