«Türkmenistan» gazeti Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda giriş synaglarynyň geçiriljek günleri barada maglumat berdi.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Türkmenabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 4-i we 6-sy günleri;
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 2-3-i, 5-i we 7-si günleri;
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 8-9-10-y, 11-12-si we 13-i günleri;
Aşgabat we Arkadag şäherleri — awgust aýynyň 14-i, 15-i we 16-sy günleri;
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri;
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri.