MEDENIÝET

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik işgärleri festiwala taýýarlyk görýärler  

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik işgärleri «Türkmen teatr sungaty» atly festiwala gatnaşmaga taýýarlyk görýärler. Onda režissýor Perhat Hudaýberenowyň goýan «Mertler Watany beýgeldýär» atly spektakly görkeziler. Şu günler bu eseri sahnalaşdyrmak dowam edýär.

Spektakl Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» kitabynyň esasynda sahnalaşdyrylýar. Onda Watan goragçylarynyň mertligi, edermenligi açylyp görkezilýär. Rollary Türkmenistanyň halk artistleri Babageldi Rejepow, Akjagül Suhanowa we beýleki zehinli artistler ýerine ýetirýärler.

«Türkmen teatr sungaty» atly festiwal şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: