MEDENIÝET

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda täze pýesa sahnlaşdyrylýar

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň «Yşgyň gämisi» atly pýesasy esasynda goýlan «Bagtmyka ýa dertmikä?» pýesa sahnalaşdyrylýar, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Režissýor Perhat Hudaýberenowyň goýan pýesasynda saz sungatyna göwün beren adamlaryň ykballary hakynda söz açylýar. Oýunda Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suhanowa, artistler Döwlet Hojanazarow, Gülşirin Durdyýewa, Gülbahar Gurbangulyýewa, Rejepgül Döwletowa dagy esasy keşpleri ýerine ýetirýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: