Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda täze möwsüm açylýar
3-nji aprelden başlap, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda tomaşaçylara garaşylýar. Şol gün ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen bilen girizilen çäklendirmeler sebäpli köp wagtky arakesmeden soň ilkinji görkeziliş bolar.
Täze möwsüm Döwrangeldi Agalyýewiň «Watan jandan ileri» atly spektakly bilen açylar. Ony režissýor Perhat Hudaýberenow sahnalaşdyrdy. Drama žanrynda ýazylan pýesada Watan mukaddesligi wasp edilýär. Keşpleri zehinli aktýorlaryň janlandyrmagy, režissýoryň oýny goýmaga özboluşly çemeleşmegi spektaklyň gyzykly bolmagyny şertlendirdi.
4-nji aprelde bolsa teatrda tomaşaçylary «Täze gelin» atly komediýa bilen garşy alarlar.
Oýunlar her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri sagat 19.00-da başlanar.