Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýyly “Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan- bedewbatly at-myradyň mekany” diýip atlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda şan-şöhraty dünýä dolan eziz Diýarymyzda her bir günümiz toýdur baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň buýsanjy hasaplanylýan ahalteke bedewleri ata Watanymyzda toýlarymyzyň bezegidir. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi we dürli bäsleşikleriň, at çapyşyklaryň geçirilmegi bedew atyň türkmeniň ruhy dünýäsindäki ornunyň ýokarydygyny aňladýar.
Türkmen halky köptaraply taryhy medeniýetiň eýesidir. Şolaryň arasynda şan-şöhraty dünýä dolan türkmeniň ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp atşynaslyk sungaty mynasyp orny eýeleýär. Umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde ägirt uly açyşlary eden, kämilligiň beýik nusgasyny jahana peşgeş beren türkmen halky çydamly, wepaly, ýyndam bedew atlaryň saýlama tohumlaryny hem döredipdir. Ahalteke bedewlerimiz bu günki gün bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň ösüşleriniň belent depgininiň, asylly ýol-ýörelgeleriniň we mukaddes maksatlarynyň alamatyna öwrüldi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjy, ajaýyp çapyksuwarlygy, at üstündäki tilsimlere ussatlyk bilen erk edişi her bir adamyň kalbynyň töründen orun aldy. Hormatly Prezidentimiz bedew atlarymyz barada şeýle belleýär: «Uly baýramlaryň, tomaşaly toýlaryň, mähelleli aýlawlaryň bezegi bolan, ýörände seýkin basyp, çapanda ýerläp uçýan, üsti şemally bedewlerimiz türkmeniň köňül ganatydyr, milli buýsanjymyzdyr. Buýsançly başlaryny belent tutup, ynsanyň wepadar dosty, aýrylmaz ýoldaşy hem-de ýakyn syrdaşy bolan meşhur bedewlerimiziň gelip çykyşy biziň eýýamymyzdan ozalky müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýär». Türkmen bedewine aýratyn söýgi we mähribanlyk bilen garaýan milli Liderimiziň bu dürdäne sözleriniň aňyrsynda türkmeniň iň wepaly dostunyň waspy ýetirilýär.
Nesilbaşymyz Oguz han ogullaryna: «Ogullarym! Bu meniň size iň soňky wesýetim: nesillere hemişe şu üç zady aýamagy sargyt ediň! Birinjisi — Watany, ikinjisi — ata-enäni, üçünjisi bolsa — aty» diýip wesýet edipdir. Bu mysal gamyşgulak bedewlerimize irki döwürlerden bäri belent sarpa goýlandygyny, türkmeniň bedewini iň gymmatly baýlyklarynyň hatarynda görýändigini aňladýar.
Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda kämillige ýeten türkmeniň seýisçilik mekdebinde atlaryň döreýşi, ösdürilip ýetişdirilişi, gylyk-häsiýetleri, ýaşyna görä seýislenişi, ýöreýşi, at keselleriniň bejerilişiniň usullary, bejerişde ulanylýan dermanlardyr emleriň görnüşleri, taýýarlanylyşy we atçylygyň beýleki inçe tilsimleri ýaly mowzuklaryň ählisi jemlenendir. Seýisçilik käri irginsiz zähmeti, hamraklygy, aladaçyllygy, synçylygy, duýgurlygy, ýiti zehini we inçeligi talap edýär. Ata-babalarymyz asyrlarboýy ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygyny saklamak üçin-de içgin aladalanypdyrlar. Onuň ata-ene tarapynyň ýedi arkasynyň arassa ganlylygy berk yzarlanypdyr. Asyl ganly tohum atlar gözüň göreji ýaly aýalypdyr. Olaryň iýmitlenişi beýleki atlardan tapawutly bolup, diňe körpe ýorunja, kölegede guradylan bede, arpa, käşir, gant, kişmiş, ýumurtga bilen bellenilen tertipde, belli bir möçberde gadymdan gelýän kada-dessur boýunça diňe bir adam, ýagny seýis tarapyndan iýmitlendirilipdir.Seýisçilikde halypa-şägirtlik ýolunyň hem-de arassa ahalteke tohumynyň has-da kämil görnüşde häzirki günlerimize gelip ýetmeginde uly yhlas eden,Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet aganyň dogany, belli atşynas Aba Annaýewiň uly goşandy bardyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda beýik ösüşleri nazarlaýan döwrümizde ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty has-da belent derejelere göterildi. Ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine çykaran, türkmen halkynyň ykbalyny galkyndyryp, bagtyýarlyk döwrüniň bagtyna guwanyp, eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyza döwletli-döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
ATAGELDIÝEWA Bossan,
Halkara senagatçyalar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň
103-nji okuw toparynyň talyby.
