Seýdiniň ýaşaýjyk sazandalary Täze ýyl dabaralarynda çykyş edýärler
Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günlerde Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki baş arçanyň ýanyndaky şatlykly aýdym-sazly çykyşlaryň hem arasy üzülmeýär. Şäherdäki çagalar sungat mekdebiniň höwesjeň ýaşlary üçin bu günler aýratyn ýakymly. Olar dabaralarda aýdym-sazlar, tanslar bilen çykyş edip, şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hezil berýärler. Şonuň bilen birlikde ýaşlar halypalaryň beren bilimlerini näderejede özleşdirendiklerini, kämillikde öz ýeten sepgitlerini barlap görýärler hem-de zehinlerini synagdan geçirýärler.
Mekdepde ýaşlaryň zehinleriniň taplanmagy üçin sapakdan daşary döredijilik agşamlary, söhbetdeşlikler, konsertler yzygiderli guralyp durulýar welin, ýöne köpçüligiň arasynda çykyş edip, tomaşaçylaryň hormat-sarpasyny, hoşallygyny gazanmak ýaşlarymyzyň kämillik basgançaklaryny üstünlikli özleşdirmeklerine
has güýçli täsirini ýetirýär. Baýramçylyk çärelerinde akkordeonçylaryň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary hem ildeşlerimiziň ýokary bahalaryna mynasyp bolýar. Seýdililer akkordeonçylar toparynyň ýaş zehinleriniň her bir çykyşyndan uly lezzet alýarlar.