YKDYSADYÝET

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda taýýar önümleriň 155,9 müň tonna golaýy öndürildi

Üstümizdäki ýylyň geçen döwründe Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda çig malyň 162,8 müň tonna golaýy gaýtadan işlenilip, degişli meýilnama 120,6 göterim berjaý edildi.

Maglumatlara görä, şonça çig maldan taýýar önümleriň 155,9 müň tonna golaýy öndürilip, bu baradaky meýilnama hem 124 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Geçen dört aýda öndürilen önümleriň aglaba bölegi, has takygy, 83,5 müň tonnadan gowragy benzin önümidir. Geçginli nebit önümleriniň arasynda dizel ýangynyň 43,5 müň tonnadan gowragy öndürildi we dört aýlyk meýilnama 122 göterim berjaý edildi. Bulardan başga-da, ösen islegden peýdalanýan ýol bitumyny, wakuum gazoýlyny öndürmekde hem guwandyryjy görkezijiler gazanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: