YKDYSADYÝET

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda sekiz aýlyk meýilnama artygy bilen berjaý edildi

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýylyň geçen sekiz aýynda çil mallaryň 287 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenilip, bu baradaky meýilnama 108,8 göterim berjaý edildi.

Netijede nebit önümleriniň 255,6 müň tonna golaýy öndürildi. Şonça önümiň 132,1 müň tonnadan gowragy benzin, 74,3 müň tonna golaýy dizel ýangyjy, 4212 tonnasy mazut, 23,4 müň tonna golaýy agyr wakuum gazoýly, 20,5 müň tonnadan gowragy ýol bitumydyr.

Kärhanada öndürilýän nebit önümleri Özbegistana we Owganystana hem iberilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: