Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda üstümizdäki ýylyň geçen on bir aýynda çig malyň 441,2 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenildi.
Netijede geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 114,8% ösdi. Muny zawodyň çig mal bilen ýeterlik derejede bökdençsiz üpjün edilýändigi şertlendirdi. Şu döwürde benziniň 224,8 müň tonnadan gowragy öndürildi. Öndürilen önümiň 124,2 müň tonna golaýy dizel ýangyjydyr. Şonuň ýaly-da, bu ýerde ýol bitumynyň 29,9 müň tonna golaýy çykaryldy.
Kärhanada öndürilen önümlere isleg örän ýokary. Olaryň köp bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ösüş depgini ýokary

16
Dec