Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2026-njy ýylyň başyndan bäri 96 müň 800 tonna nebit gaýtadan işlenildi. Şol çig maldan 44 müň 100 tonna dürli oktan belgili benzin öndürilip, sarp edijilere ugradyldy.
Benzin öndürmegiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 102,1 göterime deň boldy. Şeýle hem kärhanada 24 müň tonna dizel ýangyjy öndürilip, bu ugur boýunça ösüş depgini 105 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe zawodyň önümçilik görkezijileriniň arasynda suwuklandyrylan uglewodorod gazynyň 15,9 müň tonna öndürilmegi aýratyn tapawutlanýar. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüne görä 11,5 müň tonna köp bolup, ösüş depgini 2,6 esse ýokarlandy. Şeýle-de kärhanada 4 müň 100 tonna nebit bitumy öndürildi. Bu maglumatlar kärhanada önümçiligiň möçberiniň yzygiderli
artýandygyny görkezýär.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda önümçilik artýar
30
Mar

