Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda nebiti gaýtadan işleýjiler tarapyndan şu ýylyň geçen on bir aýynda çig malyň 464,5 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenilip, bu baradaky meýilnama 110 göterime golaý berjaý edildi, diýip, «Nebit-gaz» gazeti ýazýar.
Şeýlelikde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,3 göterim ösüş depgini gazanyldy. Çig maly gaýtadan işlemegiň hasabyna benziniň 202,7 müň tonnadan gowragy, dizel ýangyjynyň 123,4 müň tonnadan gowragy, mazudyň 22,5 müň tonnasy, ýol bitumynyň 31,7 müň tonnadan gowragy we beýleki geçginli önümler öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Şeýle hem zawodyň eksport mümkinçiligi hem artýar. Şu ýyl dizel ýangyjyny satyn alýan döwletleriň hataryna Russiýa Federasiýasy, Özbegistan Respublikasy we Täjigistan Respublikasy hem goşuldy. Agyr wakuum gazoýly bolsa Ýewropa ýurtlaryna ýerlenilýär.