Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda döwrebaplaşdyryş işleri alnyp barylýar
Döwlet Baştutanynyň degişli kärhanalaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak barada berýän tabşyryklary esasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda zerur işler alnyp barylýar.
Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Hökümetiň 24-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.
Wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebithimiýa senagatyny döwrebap derejede ösdürmäge, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady.