YKDYSADYÝET

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody önümleriniň eksportynyň möçberini artdyrýar

Dünýä bazarynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilýän ýokary hilli harytlyk önümlere hyrydarlaryň sany barha artýar. Eksport ugurly önümleriň hatarynda ýol bitumy hem bar.

Zawodda ýylyň başynda bäri ýol bitumynyň 14,3 müň tonnadan gowragy öndürilip, onuň 1300 tonnasy goňşy Özbegistan döwletine eksport edildi. Ýylyň ahyryna çenli bu görkezijini 3000 tonna ýetirmek meýilleşdirilýär. Şeýle üstünlik önümçiligiň durkunyň düýpli täzelenilmegi, ýol bitumyny öndürýän kämil desganyň gurlup, ulanylmaga berilmegi netijesinde mümkin boldy.

Daşary ýurtlarda zawodyň beýleki önümlerine hem isleg bildirilýär. Mysal üçin, geçen hepdede geçirilen birža söwdasynda Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bu ýerde öndürilen göni arassalanan benzini hem satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: