Seýdide öndürilen wakuum gazoýly iki döwlete satyldy

Oct 26, 2020

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýakynda geçirilen söwdalarynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyna Panadamadan we Owganystandan gelen işewürler hyrydar çykdylar. Olar bu zerur önümi satyn almak barada türkmen biržasy bilen geleşikleri baglaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi saýtynda ýazylyşy ýaly, diňe geçen hepde-de DHÇMB-de geleşikleriň 80-si hasaba alyndy. Şunda Germaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we beýleki döwletleriň işewürlerine umumy bahasy ABŞ-nyň 30 million 423 müň dollaryndan hem gowrak bolan önümler satyldy.
Manat serişdelerine bolsa Şotlandiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň telekeçileri nah ýüplügi, Pakistan Yslam Respublikasynyň telekeçileri bolsa buýan köküniň ekstraktyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 34 million 250 müň manatlykdan gowrak boldy.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: