YKDYSADYÝET

Seýdidäki zawodda öndürilen nebit bitumy 20 müň tonnadan geçdi

Geçen ýyl degişli döwürde 16,6 müň tonna nebit bitumyny öndüren SNGIZ-niň hünärmenleri şu ýyldaky önümçiligi 20 müň tonnadan geçirdiler. Şeýlelikde, geçen ýyldaky 4 müň tonna golaý köp önüm öndüren nebitçiler 23 göterime golaý ösüş gazandylar.
Mälim bolşy ýaly, kuwwatly zawodda nebit ýol bitumyny taýýarlamak boýunça döwrebap innowasion tehnologiýa «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Tehnologik çözgütler nebitden ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýol bitumyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa türkmen nebitgaz bazarynyň täze sepgitlere giňelmegine ýardam edýär.
Nebit bitumy awtoulag ýollarynyň gurluşygynda aýrylmaz element hökmünde ulanylýar. Awtoýollaryň çydamlylygy, ygtybarlylygy, deformasiýa we suwa garşy durnuklylygy esasan ulanylýan bitumyň hiline baglydyr. Türkmenistanda awtoulag ýolunyň giňelmegi sebäpli ýokary hilli bitum öndürmek birinji orunda durýar.