YKDYSADYÝET

Seýdidäki zawod döwrebaplaşdyrylýar

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer G.Agajanowyň hasabatynda aýdyldy.
Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda konserniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek hem-de önümçilik desgalaryny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu çäreler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge we önümçilik tapgyrlaryny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.