JEMGYÝET

Seýdidäki ýyladyşhanada 350 tonna hasyla garaşylýar

Dänew etrabynyň Isbaz geňeşliginiň çägindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň agzasy Jorakuly Hemraýewiň ýolbaşçylyk edýän «Altyn gül» hususy kärhanasynda möwsümiň dowamynda her gektardan 200 — 250 tonna çenli hasyl almak göz öňünde tutulýar.
Bu ýyladyşhana hojalygy 2,5 gektar ýerde 2018-nji ýylda ulanylmaga berlen ýyladyşhana uly mümkinçiliklere eýedir. Geçen ýylyň awgust-sentýabr
aýlarynda bu ýerde pomidoryň 56 müň düýbi oturdyldy.
Ýyladyşhana doly aýna bilen örtülen. Aýna örtügi Gün şöhlesiniň endigan ýaýramagynda möhüm ähmiýete eýedir. Pomidorlaryň kadaly ösmegi üçin çyglylyk 80 göterime çenli derejede saklanylýar. Ýyladyşhanada howa gözegçilik, ýyladyjy we howa çalşyjy ulgamlaryň işi sazlaşykly ýola guýuldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: