MEDENIÝET

Seýdidäki topar yzygiderli täze aýdymlaryň üstünde işleýär

Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki Çagalar sungat mekdebinde sungata ykbalyny baglan ýaşlaryň uly topary zehinlerini taplaýar. Ýaş zehinleriň uly höwes bilen gatnaýan bagşylar bölüminde hem çagalaryň 30-a golaýy ukyp-zehinlerini ösdürýär.
Ýakynda Hasyl toýy mynasybetli guralan dabaralarda toparyňň çykyşlary gyzgyn
garşylanyldy. Onda zehinli ýaşlaryň «Arkadag», «Eziz Türkmenistan», «Ýaşlara
salam», «Durnalar», «Söýli halan» ýaly aýdymdyr sazlary ýerine ýetirişlerinden
örän hoşal boldular.