YKDYSADYÝET

Seýdidäki hojalyk pagta borçnamasyny 135 göterim berjaý etmegi meýilleşdirýär

Dänew etrabynyň Isbaz geňeşliginiň çägindäki «Gözel zemin» hojalyk jemgyýetinde şu ýyl 515 gektar meýdanda gowaça ekilip, bitginli hasyl kemala getirildi.
Häzirki wagtda 1166 tonna «ak altyn» döwlet harmanyna tabşyrylyp, şertnamalaýyn borçnama 109,9 göterim berjaý edildi. Entek hasyl ýeterlik bolansoň, pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Hojalyk jemgyýetinde geçen oba hojalyk ýylynda meýilnama 124,1 göterim berjaý edilen bolsa, üstümizdäki ýylda 135 göterimden aşyryp, hasyl almaga doly mümkinçiligi bar.
— 2021-nji ýylda 1072 gektar ýer bölegini uzakmöhletleýin peýdalanmaga alyp, hojalyk jemgyýetimizi esaslandyrdyk. Oňa hususyýetçi Bahtyýar Rozykulyýew ýolbaşçylyk edýär. Sazlaşykly ýola goýlan işleriň netijesinde eýýäm birnäçe ýyldan bäri bugdaýdan, gowaçadan, şalydan bereketli hasyl alyp gelýäris.
Ýetişdirilen gowaça hasylyny iň soňky hanasyna çenli zaýasyz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýäris. Şu ýylda bugdaýyň boldumly hasylyny kemala getirmekde hem uly üstünlikleri gazandyk. Geçen ýyl 502 gektar meýdanda ekilen güýzki bugdaýdan 1 müň 210 tonna galla taýýarladyk. Bellenilen meýilnama 100,4 göterim berjaý edildi. Geçen önümçilik ýylynda 35 gektara şaly ekilip, her gektardan 46,6 sentnerden hasyl almagy başardyk. Meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi.
Şu ýyl 35,5 gektar meýdana eken şalymyzdan ýokary netijeleri gazanjakdygymyza hem uly ynamymyz bar. Galyberse-de, şu ýyl döwletimiziň kümüşsöw çäjine pile goşmakda hem guwandyryjy işler alnyp baryldy. 600 gram ýüpek gurçugyny idedip, 1 tonna 331 kilogram pile aldyk. Bu baradaky meýilnama 110,9 göterim amala aşyryldy — diýip, hojalyk jemgyýetiň baş agronomy Alymjan Joraýew welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.