JEMGYÝET

Seýdidäki gurjak oýunlary topary çagalara hezil berýär

Dänew etrabynyň Seýdi şäher medeniýet öýüniň işgärleri tomus günlerinde etrabyň çagalar baglarynda gurjak oýunlaryny gurap, körpeleriň wagtlaryny şadyýanlyga besleýärler. Halypa medeniýet işgäri Agamyrat Hudaýarowyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik toparynyň agzalary türkmen halk ertekilerini sahnalaşdyryp, ýygy-ýygydan körpeleriň arasynda çykyş edýärler.

Olaryň «Kör garga», «It we horaz», «Pakyrdawuk patyşa», «Böwenjik», «Hudaýberdi gorkak» ýaly ertekiler esasynda sahnalaşdyran oýunlary körpeleriň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Ýaş artistler Faruh Zakirow, Aýna Nuryýewa, Dursun Jumanazarowa dagy diňe çagalar bagyna gatnaýan körpeleriň arasynda däl, eýsem, mekdep okuwçylary üçin hem gurjak oýunlaryny sahnalaşdyrmak ugrunda döredijilikli işleýärler.

Olaryň sahnalaşdyran «Tilkiniň mekirligi», «Akpamyk», «Şalgam» ýaly gurjak oýunlary mekdep okuwçylarynyň dynç alşynyň täsirli geçmegini gazanmakda uly ähmiýete eýedir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: