JEMGYÝET

Serwi agajy

       Ata Watanymyzda ösýän, tebigatymyza bezeg berýän agaçlar örän köp. Şolaryň iň owadany hem serwi agajydyr.  Serwi agajy ýalaňaç tohumly ösümliklere degişlidir. Ol ýylyň ähli möwsüminde ýaşyl öwsüp oturan agaçdyr. Boýy 20 metre barabar, käbir ýurtlarda onuň boýy 45 metre ýetýänleri hem gabat gelýär. Agajynyň şahalary agaç sütüninden ýokarlygyna ösýär we sütüne gysylyp durýar. Ýaprakly pudaklary bir tekizlikde ýerleşýär. Baldagyndaky pürleri gögümtil ýada açyk ýaşyl reňkli bolýar. Gozalarynyň uzynlygy 3 santimetre ýetýär. Ol togalak ýada düýbi biraz gysylan uzynrak bolýar. Serwi örän owadan, ýakymly ysly, gelşikli agaç bolany üçin ony seýilgählerde, köçeleriň gyrasynda we beýleki ýerlerde bezeg üçin ekýärler. Serwini agajynyň ýakymly ysly, dykyz, berk bolýandygy üçin gurluşyk enjamy hökmünde-de ulanýarlar. Onuň agajy aňsat ýonulýar we ýylmanylýar. Şol sebäpli agajyny mebel ýasamakda-da ulanýarlar.

Dünýä Jumanazarowa,

Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: