Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Şermetowa Olimpiadada agry atletika boýunça altynjy orny eýeledi

Jul 26, 2021

Türkmenistanly türgen Kristina Şermetowa Tokioda geçirilýän Olimpiadada agyr atletika boýunça 55 kilograma çenli agram derejesinde altynjy orny eýeledi. Şermetowa iki görnüş boýunça jemi 205 (silterläp götermekde 90 we itekläp götermekde 115) kilogram göterdi. Filippinli Hidilin Dias ýaryşlaryň ýeňijisi boldy. 30 ýaşly Dias 224 kilogram göterip, Olimpiýa rekordyny hem goýdy. Ikinji orny hytaýly Lýao Sýuýun (223 kg) eýeledi, bürünç medaly bolda gazagystanly Zülfiýa Çinşanlo gazandy.

Adblock
detector