Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

«Şerifiň» derwezeçisi Ýorgos Atanasiadis — iň gowy oýunçy

Oct 2, 2021

«Şerif» futbol klubynyň derwezeçisi Ýorgos Atanasiadis penşenbe güni çempionlaryň Ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji turunyň iň gowy oýunçysy diýlip bilindi, diýip «Российская газета» ýazýar.

Sişenbe güni «Şerif» Madridde «Realy» 2:1 hasabynda utdy we hakyky sensasiýa döretdi. Derwezesine urlan ençeme howply urgulary yzyna gaýtaran Tiraspolyň klubynyň grek derwezeçisi bu ýeňşi getirenleriň biri boldy.

Neitjede UEFA ony ikinji turuň iň gowy oýunçysy diýip yglan etdi.

Şeýlelikde, «Şerifiň» derwezesiniň goragçysy «Benfikiniň» hüjümçisi Darwin Nunýesden, «Bawariýanyň» oýunçysy Leroýa Saneden we «Interiň» goragçysy Milan Şkrinýardan öňe geçdi.

Adblock
detector