Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaş mugallymy, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň agzasy Şerif Hemraýew öz döredijiliginde türkmen bedewiniň aýratynlyklaryna giň orun berýär. Onuň bedew mowzugyna bagyşlanan eserleriniň hatarynda «Asman atlary», «Behişt guşy», «Asman bilen zemin şalygy», «Dört dogan», «Çapyşyk», «Bedew» we «Miras» ýaly işler bar.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen sergi-bäsleşikleriň birinde suratkeşiň «Asman atlary» eseri iň gowy eserleriň biri hökmünde öňe çykaryldy. Suratkş bedewleriň gözelligini, hereketini, keşbini we aýratyn häsiýetlerini öz işlerinde şekillendirýär.
Şerif Hemraýew bedew mowzugyndaky eserleri bilen tanalýar
23
Apr

