Biziň sähra göwün pederlerimiz aýdym-sazy durmuşda hemişelik hemrasyna öwrüpdirler. Aýdym-saz äleminiň ussatlarynyň her bir aýdym-sazy uly yhlas bilen döredendikleri mälim hakykatdyr.
Meşhur sazanda Mylly Täçmyradowyň şägirtlerine: “Bir sazy döretmek bir daragty ösdürip ýetişdirençe bardyr, hatda ondanam kyndyr, azap ediň” diýen sözleri, Sary bagşy ýaly halypalaryň: “Türkmeniň aýdym-sazy börňüldäp ýatan akabadyr, azabyny çekmeseň, ondan saňa agyzsuwam ýetmez” diýen pentleri
ykbalyny sungat älemine baglan adamlar üçin hemişelik durmuş ýörelgesi bolupdyr. Gulgeldi ussa, Amangeldi Gönübek, Şükür bagşy, Kel bagşy, Hally bagşy, Pälwan bagşy, Magtymguly Garly, Oraz Salyr, Pälwan bagşy, Hydyr bagşy, Nobat bagşy, Durdy Myrat, Öre Şyh … ýaly asyrlaryň orta çykaran
ussatlarynyň çeken zähmeti netijesinde, türkmen aýdym-sazlary kämillik derejesine eýe bolupdyr.
Hawa, ajaýyp aýdym-saz adamlary birleşdirýär, jebisleşdirýär, olary asylly işlere ruhlandyrýar. Bu sözüň doly manysynda şeýle. Haçan-da, aýdym-saz ýaňlananda, ynsanlaryň köňlünde ýakynlyk, birleşme emele gelýär. Aýdym-saz ýaňlananda, adamda täze işleri amal etmäge bolan höwes döreýär.
Aýdym-saz üçin dil serhedi ýok. Dünýäniň haýsy milletiniň aýdym-sazy ýaňlansa-da, ynsan oňa düşünip, ondan köňlüniň isleýän islegini tapyp bilýär. Bu Allatagalanyň ynsan ogluna eçilen ajaýyp bir aýratynlygydyr. Türkmen aýdym-sazlarynyň tematikasy örän giňligi bilen tapawutlanýar. Şeýle bir zady aýratyn bellemek zerurdyr, ol hem türkmenlerimizde döredilen aýdymlaryň esasy temasynyň watançylyk, hoşniýetlilik, ynsany söýmek, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýanlygydyr. Haýsy aýdym ýaňlansa-da, bu ugurlar ol aýdymyň içinden altyn sapak bolup geçýär. Munuň özi biziň milli ruhumyzyň miwesidir.
Umida SAPAROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň talyby.