Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Serhetçileriň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýy tabşyryldy

Jan 27, 2021

Kerki serhet birikmesiniň Kelif serhet galasynda serhetçiler üçin täze ýaşaýyş jaýy ulanylmaga tabşyryldy. Netijede serhet galasynyň serkerdeleriniň maşgalalary içinde ähli amatlyklary bolan täze jaýa göçüp bardylar.
Bu Watan goragçylarynyň gününe ajaýyp sowgat boldy. Türkmenistanda bu sene 27 ýanwarda bellenilýär.
Şonuň ýaly-da, galanyň öňden bar bolan binalary düýpli abatlanyldy we şu günüň talaplaryna laýyk getirildi. Olarda serhetçileriň ýaşamaklary, okuw-türgenleşik işlerini geçirmekleri, dynç almaklary üçin ähli şertler döredilipdir.
Täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasynda serhetçilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan iki sany geçijiligi ýokary bolan awtoulag hem sowgat berildi.

Leave a Reply