BILIM

Serdar Rahymow ýaşlaryň arasynda geçirilen Ýewropanyň Kubogynda altyn medal gazandy

 Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň birinji ýyl talyby Serdar Rahymow Bosniýa we Gersegowinanyň Saraýewo şäherinde ýaşlaryň arsynda dzýudo boýunça geçirilen Ýewropanyň Kubogynda altyn medal eýeledi.

Ol bu ýeňşi 66 kilogram çenli agram deresinde gazandy. Şu agaram derejesinde 13 ýurtdan gelen 27 türgen çykyş etdi.

Serdar Rahymow  ýakynda Rimde (Italiýa) geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda kümüş medal gazanypdy.

Ýaşlaryň arasyndaky Ýewropa Kubogyna 18 ýurtdan 268 (166 erkek, 102 zenan) gatnaşdy. Türkmenistanyň toparynda 13 (10 erkek we 3 zenan) türgen boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: