YKDYSADYÝET

Serdar Berdimuhamedow Kiýoşi Ejimany Lebap welaýatynda täze gurulýan gazturbinaly elektrik bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy

Ýaponiýada saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow 23-nji iýulda Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kiýoşi Ejima bilen duşuşdy. Taraplar, hususan-da, «Infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasynda» beýan edilen ylalaşyklara laýyklykda iki ýurduň arasyndaky özara hereketleriň ösüşini seljerdiler.

Duşuşygyň barşynda «ýaşyl energetika» ulgamynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Türkmenistanyň energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak babatynda Ýaponiýanyň tejribesini özleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. Taraplar özara gyzyklanma bar bolan ulgamlaryň ählisi boýunça işjeň hyzmatdaşlygyň dowamly alnyp baryljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýaponiýanyň resmi wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýapon tarapyny gurluşygy «Sumitomo Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasy tarapyndan alnyp barylan Türkmenistanyň Lebap welaýatynda täze gurlup ulanmaga beriljek gazturbinaly elektrik bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Şol gün türkmen wekiliýeti XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Tokio-2020 Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň Howandary bolup durýan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito oýunlary açyk diýip yglan etdi. Nobatdaky oýunlara Türkmenistandan hem türgenler gatnaşýarlar.

23-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito tarapyndan kabul edildi. 

24-nji iýulda saparyň çäklerinde Tokioda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suga bilen duşuşygy geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: