TÜRKMENISTAN HABARLARY

Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzyň işine ýokary baha berdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow işe girişmek dabarasynda eden çykyşynda Türkmenistanyň milli Lideriniň ýokary döwlet wezipesinde alyp baran işine ýokary baha berdi.

Serdar Berdimuhamedow: «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň kuwwatyny pugtalandyrmakda, halkara abraýyny ýokarlandyrmakda uly işleri bitirdi. Oňyn syýasy, ykdysady we medeni özgertmeleri üstünlikli amala aşyrdy. Hereket etmegiň oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamasyny durmuşa geçirdi. Milletiň Lideriniň döwleti dolandyrmakda, ýurdumyzy ösdürmekde maksada okgunlylygy hem-de syýasy öňdengörüjiligi, halkyna ynamy we söýgüsi türkmen döwletini ynamly ösüş ýoluna çykarmaga mümkinçilik berdi.

Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek üçin bellenen esasy ýol, öňde goýlan maksatlar, geljegi uly wezipeler meniň geljekde alyp barjak işimiň esasynda durýar» diýip belledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: