Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat geçirildi.
Halkara maslahatyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permanlaryna laýyklykda, agzalan medal hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlar bilen halkara foruma gatnaşan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew sylaglandy.
Şeýle-de türkmen döwletiniň Baştutany mundan ozal Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany hem bu sylaglar bilen sylaglamak hakynda çözgüdiň kabul edilendigini belledi.