Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Serbiýanyň milli futbol ýygyndysy 1 mln ýewro baýragy çagalaryň bejergisine bagyşlady

Nov 18, 2021

Serbiýanyň milli futbol ýygyndysy Katarda geçiriljek 2022-nji ýylyň dünýä çempionatyna çykylandygy üçin alnan 1 mln ýewro möçberindäki pul baýragyny ýarawsyz çagalaryň bejergisine bagyşlamak kararyna geldi. Bu barada “Kurir” gazeti habar berýär diýip, TASS belleýär.

Ýagny, milli ýygyndynyň agzalarynyň bilelikde pul baýragyny gyssagly bejergä mätäç bolan serbiýaly çagalara bermek kararyna gelendigi habar berilýär.

Milli ýygyndy duşenbe güni agşam Serbiýa gaýdyp geldi, Belgradyň “Nikola Tesla” howa menzilinde olar dabara bilen garşylandylar. Futbolçylary ýüzlerçe janköýer Serbiýanyň milli surnaýlarynyň sesi bilen garşy aldy. Türgenler janköýerleri bilen bilelikde meşhur “Tamo, daleko” aýdymyny ýerine ýetirdiler. 

Ýekşenbe güni Serbiýanyň milli ýygyndysy portugaliýalylary 2:1 hasabynda utdy we A toparçada birinji orny eýeläp, 2022-nji ýylyň dünýä çempionatyna çykdy. 

Baýragy bermek barada karar duşenbe güni ýurduň hökümetiniň mejlisinde tassyklandy, şondan soň pul Serbiýanyň Futbol birleşiginiň hasabyna geçirildi. Ýöne serbiýaly türgenleriň karary bilen bu serişdeler haýyr-sahawata gönükdiriler.

Adblock
detector