Birža söwdalarynda daşarky bazarda Serbiýa döwletleriniň işewürleri Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň gury ekstraktyny satyn
aldylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet-haryt çig mal biržasynyň resmi saýtynda habar
berildi.
Şeýle hem Türkiýe döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden nah ýüplügini satyn almak barada
geleşikleri baglaşdylar.
Netijede söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 165 720 dollara deň bolan geleşikleriň 3-si baglaşyldy.
Serbiýaly işewürler Lebapda öndürilen buýan ekstraktyny satyn aldylar
09
Apr
