BIZE YAZYARLAR

Ser salyp, geçmişiň sesine

Ertekilerde alys ýere gitjek bolýan ogluna atasy akyl, paýhas berýändir, enesi bolsa bir tegelek çörek düwýändir.Biziň çagalarymyza öz durmuş tejribämizi, öz paýhas-aňymyzy doly berjek bolmaly. Çagadyr, düşünmez diýmeli däl.

Dünýäniň iň beýik dagy sekiz kilometr çemesi. Sekiz kilometri bolsa, adam bir sagatda geçip bilýär. Emma alpinistler ýedi-sekiz kilometrlik beýik dag gerşine çykmak üçin bütin ýyllap taýynlyk görýärler. Ýokarda gaty sowuk, baky doňaklyk. Diýmek, olaryň eşigi galyň, ýyly bolmaly. Çadyrlary hem  sowuk geçirmeýän, berk ygtybarly bolmaly. Ýüpleri üzülmeýän  ýüp bolmaly. Olara hiç bolman on günlük iýer-iýmitem gerek, sebäbi her hili ýagdaýlaryň bolmagy ahmal. Üstesine sarkofagy, demir myhlary,  çekiji, paltasy, garaz, ýüki ykjam tutulmaly.

Diýmek, biz şu günki çagalarymyzy beýik dag gerşine çykýan alpinistler ýaly terbiýeläp, olaryň ýüküni ykjam tutmaly. Elbetde, onça ýük aç eşege ýük borlar, emma agyram bolsa, onça ýüksüz dagyň gerşinde etjek işiň ýok.

Geçmişde – sowatly adamlaryň az zamany akyldarlar öz döwrüne görä pikirlenip, çuň paýhasly pikirlerini tymsallaryň, basnýalaryň, rowaýatdyr hekaýalaryň üsti bilen beripdirler. Akyldarlar öz pikirlerini tymsallara, rowaýatlara, hadyslara salypdyrlar. Bu akyl-paýhas bermegiň iň gowy usuly. Tymsallaryň, basnýalaryň, hadyslaryň üsti bilen aňyňa giren akyl-paýhas hiç haçan ýadyňdan çykmaýar. Halk pederleri bilen baglanyşykly tymsallary, rowaýatlary eger-eger ýatlaryndan çykaranok, pederlerimizden galan gowy tymsallar soň-soňlaram adamlara çykgynsyz güne düşenlerinde çykalga-sapak bolup hyzmat edipdir. Halk döredijilik eserleri bize taryhymyzy öwrenmäge-de kömek edýär.

«Şasenem–Garyp» atly ajaýyp dessany okamadyk türkmen okyjysy ýok bolsa gerek. Şaapbasyň gyzyna aşyk bolan Garyp ne günleri görüp, ne söwdalary başdan geçirýär. Ol magşugyndan aýrylyp, ol şäherden başga şähere gidýär. Okyjy Garyby häzirki Halap, Töwriz, Şirwan, Şamah şäherlerine gidendir öýdüp pikir edýär. Emma Türkmenistanyň taryhyny gowy bilýän adamlar, ýa Üstýurda syýahat edip gören jahankeşdeler Şirwan, Şamah, Halap şäherleriniň, Akja gelin galasynyň, Şasenemiň köşgüniň eýlesi-beýlesi ýüz elli kilometr giňişlikde ýerleşendigini, ol şäherlerden galan harabalyklary görer. Şasenemiň galasy bolsa entegem dur…

Bu nähili bolýar? Eýse dünýäde iki Şirwan, iki Şamah, iki Halap barmy?

Taryhçylar şaýatdyr. Ozalky döwürde göçe-göçlükde tutuş obalar, şäherler bosgundan gaçyp tutuş göçüp gidipdiler. Elbetde, olar özleri bilen eziz şäherleriniň  atlaryny hem alyp gidipdirler.

Ogulnabat Pirkulyýewa,

Türkmenabat şäherindäki 28-nji orta mekdebiň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: