«Lebap» sement zawodynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy meýilleşdirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Zawodyň ikinji nobatdakysynyň işe girizilmegi gurluşykda giňden ulanylýan sementiň öndürilişini has-da artdyrmaga mümkinçilik döreder.

Onuň birinjisi 2013-nji ýylyň fewral aýynda ulanylmaga tabşyrylypdy. 60 gektar meýdany eýeleýän kärhanada ýokary hilli sement öndürilýär, önümçilik ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Önüm öndürmek üçin gerekli çig mal zawodyň golaýyndaky karýerden alynýar. Onuň gelip gowuşmagyndan başlap, sement çykýança, ähli işlere bir bitewi kompýuter ulgamy arkaly gözegçilik edilýär. Zawodyň kuwwaty ýylda bir million önüm barabardyr. Bu ýerde semendiň «М400», «М500», şonuň ýaly-da duza durnukly «М400 Portland» kysymly görnüşleri öndürilýär. Önümiň bir bölegi eksporta iberilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: